Xiaomi geljek üç ýylda Hytaýyň smartfon bazarynda lider bolmak isleýär

  • 12.02.2022 09:32
  • 3.7k+

Hytaýyň iň uly smartfon öndüriji kompaniýasy Xiaomi geljek üç ýylda HHR-de Apple amerikan kompaniýasynyň önümlerini gysyp çykaryp, satuw boýunça birinji orny eýelemek isleýär. Bu barada ony esaslandyryjy Leý Szýuna salgylanyp, “Isaý global” iş çeşmesi habar berýär.

Degişli meýilnamalar 2024-nji ýyla çenli Hytaýda smartfon bazarynyň esasy bölegini eýelemegi göz öňünde tutýan kompaniýanyň ösüş strategiýasy boýunça geçirilen seminarda hödürlendi. Häzirki wagtda Xiaomi beýleki öndürijiler tarapyndan güýçli bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolýar. HHR-de häzirlikçe öňdebaryjy orny 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginiň ahyryna çenli ýagdaýa görä ýerli bazarda 20,6% paý bilen Apple eýeleýär. 

Xiaomi bolsa häzirlikçe 15,8% bazar paýy bilen bäşinji orunda ýerleşýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Leý Szýun geljek bäş ýylda Apple-den bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmak we smartfon satuwy boýunça global lidere öwrülmek üçin kompaniýanyň hususy ylmy-gözleg işlerine 100 mlrd ýuana çenli möçberde ($15,7 mlrd) maýa goýjakdygyny aýtdy. Canalys marketing kompaniýasynyň maglumatlary boýunça, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä Apple smartfonlary dünýä bazarynyň 22%-ini, Samsung we Xiaomi smartfonlary bolsa degişlilikde 20%-ini we 12%-ini eýelediler.


27.05.2026 15:34
2.3k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.6k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....