Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýanwar aýyndaky işleriniň jemlerine seredildi

  • 10.02.2022 09:13
  • 17k+

9-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda goranmak ministri B.Gündogdyýew, Baş prokuror B.Atdaýew, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew, adalat ministri M.Taganow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow öz gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň geljekki meýilnamalaryna ünsi çekdi. Hususan-da, türkmen Lideri Ýaragly Güýçleriň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu düzümleriň şahsy düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belledi.


şu gün 11:32
992

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......