Berdimuhamedow koronawirus bilen kesellän türkiýeli kärdeşine telefon arkaly duýgudaşlyk bildirdi

Berdimuhamedow koronawirus bilen kesellän türkiýeli kärdeşine telefon arkaly duýgudaşlyk bildirdi

7-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen Lideri türk kärdeşiniň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi üçin onuň ýagdaýyny soramak we goldaw bermek maksady bilen, telefon arkaly saglyk-amanlyk soraşmak isländigini aýtdy. 

"Siziň özüňize mahsus bolan gujur-gaýrat, ruhy durnuklylyk bilen, nesip bolsa, bu ýokanjy ýakyn wagtda ýeňjekdigiňize we gutuljakdygyňyza berk ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, zerur bolan halatynda hemişe ýardam bermäge biziň taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin. Men sözümiň ahyrynda özümiň hem maşgalam Ogulgeregiň adyndan Size we maşgalaňyz Emine hanyma gysga wagtda bu keselden gutulmagyňyzy we saglygyňyzyň dikeldilmegini Beýik Biribardan dileg edýärin" diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşlikde nygtady. 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam bildirdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, golaýda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan özüniň we aýaly Emine Ärdoganyň koronawirus ýokanjyna duçar bolandygyny mälim etdi. Şeýle agyr pursatda türkiýeli kärdeşini goldamak maksady bilen, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti ýörite hat iberip, olara tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.