Givenchy moda öýüne 70 ýyl boldy

  • 06.02.2022 01:28
  • 4.3k+

Bu brendiň taryhy 1952-nji ýylda Ýuber de Žiwanşiniň Givenchy-ny esaslandyrmagy bilen başlandy. Ilkinji kolleksiýadan soň abraýly neşirler täze brende üns berip başladylar. Şonda New York Times “Ýuber de Žiwanşi özüniň ilkinji kolleksiýasy bilen bir gijede iň meşhur moda çagasyna öwrüldi” diýip ýazdy. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Ozal hukukşynaslygy öwrenen Ýuber de Žiwanşi 17 ýaşynda aklawçy karýerasynyň özi üçin däldigine düşünýär. Ol derrew Pariže göçüp, Inçe sungatlaryň mekdebinde dizaýn öwrenip başlaýar. Ol özüniň ilkinji kolleksiýasyny göçeninden 8 ýyl soň görkezdi. 

1988-nji ýylda Givenchy markasy LVMH konglomeratyna satyldy. Şondan 7 ýyl soň, 1995-nji ýylda Ýuber de Žiwanşi öz brendini terk etdi.

Ýuber gidenden soň markanyň döredijilik müdiri ýaş britaniýaly dizaýner Jon Galýano boldy. 1996-njy ýylda Galýano Dior-a gidýär we onuň ornuny Aleksandr Makkuin eýeleýär. 2001-nji ýylda Makkuin hem Gucci moda öýüne geçýär.

Häzirkizaman pop-medeniýetinde Givenchy-nyň iň meşhur printleriniň biri Rikardo Tişi tarapyndan döredilen totweýlerdir. Givenchy-nyň häzirkizaman taryhynda iň meşhur çykyşlaryndan biri Megan Markl bilen şazada Garriniň 2018-nji ýylda bolan toýudyr. Megan markanyň döredijilik müdiri Kler Ueýt Keller tarapyndan ýörite döredilen ak köýnegi geýdi.

2020-nji ýylyň maý aýynda Givenchy-nyň döredijilik müdiri häli-häzire çenli bu wezipäni eýeleýän Mettýu Uilýams boldy.  

16.04.2026 22:53
1.5k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
5.7k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....