2022-nji ýylyň iň köp garaşylýan smartfony belli boldy

  • 03.02.2022 09:28
  • 23k+

Mozillion kompaniýasynyň täze gözlegi adamlaryň haýsy gurluşa has kän garaşýandygyny ýüze çykardy. Kompaniýanyň gözlegi barada “GizChina” neşiri ýazýar. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylyň iň köp garaşylýan smartfony iPhone 14 boldy. Dünýädäki 1 110 030 gözleg soragy bu smartfon bilen baglydyr (netije soňky 12 aýda hasaba alyndy). Bu gurluş 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda hödürlenmeli.

iPhone smartfonunyň yzyndan uly tapawut bilen Samsung Galaxy S22 ýerleşdi – onuň paýyna 518 000 gözleg soragy düşýär. Smartfon ýakyn wagtda, fewral aýynda hödürlener. Üçünji orny “arzan” iPhone SE (3-nji nesil) eýeledi, bu smartfonuň 2022-nji ýylyň mart aýynda çykmagyna garaşylýar.

GizChina-nyň maglumatlaryna görä, iPhone 14 we iPhone 14 Pro 6,06 dýuým ekrana, iPhone 14 Max we iPhone 14 Pro Max diagonaly 6,68 dýuým bolan uly displeýe eýe bolar. Mundan başga-da, iPhone 14 we iPhone 14 Max modellerinde LTPS displeýleri, Pro bilen Pro Max-da bolsa LTPO displeýleri ulanylar.

iPhone 14 seriýasy täze Bionic A16 prosessory bilen enjamlaşdyrylar. Bu çip 4-nm tehnologik proses boýunça guruldy. iPhone 14-iň esasy wersiýasyndan galan üç model üç kamera eýe bolar. Esasy wersiýa bolsa iki kameraly bolar. Şol bir wagtyň özünde iň gymmat iki modeliň esasy kamerasy kämilleşdiriler, olarda 48 Mp datçigiň peýda bolmagyna garaşylýar. 


23.11.2025 20:58
4k+

iPhone Air-iň baş dizaýneri Apple-den gitdi

Senagat dizaýneri Abidur Çoudhuri Apple kompaniýasyndan gitdi. Ol kompaniýanyň iň soňky modelleriniň biri bolan iPhone Air-iň esasy işläp düzüjisi bolupdy diýip, 9to5mac çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Çoudhuri emeli aň tehnologiýalarynyň üstünde işleýän bir startapa (ýa-da başlangyja) işe girdi...

23.11.2025 00:06
1.7k+

Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlaryny hödürledi

Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlarynyň sanawyny düzdi. Reýtingde birinji orny Ledi Gaganyň 7-nji martda çykan Mayhem albomyndan Abracadabra aýdymy eýeledi. “Gürrüňsiz, 2025-nji ýyl Ledi Gaganyň ýyly boldy...

21.11.2025 12:09
1k+

Apple 2025-nji ýylyň App Store Awards baýragynyň finalçylaryny yglan etdi

Apple kompaniýasy App Store Awards ýyllyk baýragynyň finalçylarynyň sanawyny yglan etdi. Oňa kompaniýanyň dürli enjamlary üçin iň gowy programmalar we oýunlar gatnaşýar. Şu ýyl App Store-yň redaksion topary 45 programma önümini saýlady...

19.11.2025 12:16
1.3k+

Apple iPhone we Mac üçin täze funksiýalary goşdy: täzelenmelerde näme täzelik bar?

Apple iOS 26.2-iň ikinji beta görnüşini çykardy. Onda iPhone ulanyjylary üçin birnäçe ownuk, ýöne möhüm täzelenmeler bar. Bulara has köp interfeýs sazlama opsiýalary, gowulaşan animasiýalar we täze howpsuzlyk funksiýalary girýär diýip, MacRumors ýazýar...