Dünýädäki iň gymmat awtomobilleriň onlugy belli boldy

  • 25.01.2022 23:55
  • 23k+

“AutoNews” neşiri dünýädäki iň gymmat awtomobilleriň onlugy barada habar berdi. Olaryň bahasy bilen diňe gymmat ýahtalar, döwrebap uçarlar we hatda galalar deňleşip biler diýip, yakutsk.ru belleýär.

Birinji orunda meşhur Rolls-Royce Boat Tail ýerleşdi, ony 28 mln dollara satyn alyp bolýar. Häzirkizaman ýahtalarynyň stilindäki örän uly kabriolet 1920-30-njy ýyllary salgy berýär. Bu awtomobiliň iki müň sany özboluşly bölekleriniň elde ýerine ýetirilendigi bellärliklidir.

Ikinji orny 18,7 mln dollara satyn alyp bolýan Bugatti La Voiture Noire eýeledi. Bu model 1936-njy ýylda çykan Bugatti Type 57 SC Atlantic-e bagyşlanýar. Motoryň kuwwaty 1500 at güýjüne deňdir. Üçünji orunda Bugatti Centodieci ýerleşdi. Satyja ol 9 mln dollara düşer. Motoryň kuwwaty 1600 at güýjüne, iň ýokary tizligi sagatda 380 km deň.

Bahasy boýunça dördünji orunda Maybach Exelero durýar, ony 8 mln dollara satyn alyp bolýar. Motoryň kuwwaty 700 at güýjüne, iň ýokary tizligi sagatda 351 km deň. Onuň yzyndan Bugatti Divo gelýär. Onuň bahasy 5,8 mln dollar. Bu awtomobil 1930-njy ýyllaryň fransiýaly ýaryşa gatnaşyjysy Alber Diwonyň hatyrasyna atlandyryldy. 

Altynjy orny bahasy 4,8 mln dollar bolan Koenigsegg CCXR Trevita eýeledi. Motoryň kuwwaty 1014 at güýjüne, iň ýokary tizligi sagatda 400 km deň. Ýedinji orun 4,5 mln dollar bahaly Lamborghini Veneno berildi. Sekizinji orunda Pagani Huayra Roadster BC ýerleşdi. Awtosöýüji ony 3,5 mln dollara satyn alyp bilýär. Onuň motorynyň kuwwaty 800 at güýjüne deňdir. Bu awtomobiliň yzyndan 3,4 mln dollar bahasy bolan Lykan HyperSport gelýär. Motoryň kuwwaty – 780 at güýji. Iň ýokary tizlik – sagatda 380 km. Bu model 2015-nji ýylyň “Forsaž-7” filminiň üsti bilen meşhur boldy.

Iň baý awtomobilleriň sanawynda iň arzany Aston Martin Valkyrie boldy. Onuň bahasy 3,2 mln dollara deň. Motoryň kuwwaty 1160 at güýjüne, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 400 km barabar.

düýn 14:58
3.8k+

Hyundai 5 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar: ulaglar çekişini ýitirip, durup bilýär

Hyundai ýangyç ulgamyndaky näsazlyk sebäpli, 5000 töweregi awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Näsazlyk hereketlendirijide çekiş güýjüni ýitmegine we onuň birden togtamagyna getirip bilýär diýip, Speedme...

düýn 09:52
3k+

Honda awtomatik tormoz ulgamy bilen bagly näsazlyklar sebäpli 295 müň ulagyny yzyna çagyrmagy mümkin

ABŞ-nyň Milli ýol hereketi howpsuzlygynyň administrasiýasy (NHTSA) Honda kompaniýasyna degişli awtoulaglar boýunça derňew işine başlady. Munuň sebäbi awtomatik tormoz ulgamy bilen baglanyşykly kemçilikleriň bardygy...

21.01.2025 14:40
3.6k+

BYD, Nissan we Volkswagen: 2024-nji ýylda Hytaýda iň köp satylan sedanlar we hetçbekler

2024-nji ýylda Hytaýda ýeňil awtoulaglaryň satuwy 3,1% ýokarlanyp, 22,6 milliona ýetdi. Esasy ösüşi Hytaýyň öz öndürijileri üpjün etdi diýip, CarsNewsChina belleýär. Ýerli brendleriň satuwy 23,1% ýokarlanyp, 17...

21.01.2025 13:59
4.7k+

Täze BMW 3 Series, 5 Series we X7 tanyşdyryldy

BMW ilkibaşda diňe Günorta Koreýanyň bazarynda elýeterli boljak modelleriniň täze ýörite nusgalaryny hödürledi. Täze wersiýalary özboluşly reňk çözgütleri, ýörite bezeg elementleri, şeýle hem adaty komplektasiýalarynda...