Hyundai 5 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar: ulaglar çekişini ýitirip, durup bilýär

  • 22.01.2025 14:58
  • 5.5k+

Hyundai ýangyç ulgamyndaky näsazlyk sebäpli, 5000 töweregi awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Näsazlyk hereketlendirijide çekiş güýjüni ýitmegine we onuň birden togtamagyna getirip bilýär diýip, Speedme habar berýär.

Yza çagyryş kampaniýasyna 2020-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda öndürilen 4871 sany i30 Sedan N we Kona N modellerine degişlidir.
Kompaniýa ýokary basyşly nasosda ýangyç dolandyryş klapanynyň näsazdygyny habar berdi. Şu kemçilik sebäpli motoryň içine aşa köp ýangyç düşüp biler. Bu ulag hereket edýärkä hereketlendirijiniň çekişiniň ýitmegine we duýdansyz durmagyna sebäp bolup, ýolda howply ýagdaýlary döredip biler.
Şeýle ulaglaryň eýelerine näsazlygy düzetdirmek üçin Hyundai hyzmat merkezine ýüz tutmak maslahat berildi.


08.05.2026 16:04
3.9k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....

06.05.2026 01:36
3.9k+

Täze Elantra N 2027 täze hereketlendiriji bilen Nýurburgringde synagdan geçirilýär

Hyundai N sport setiri üçin täze hereketlendirijini Nýurburgringde synagdan geçirýär. Elantra N1 RP-iň prototipi güýç gurluşynyň ygtybarlylygy synagdan geçirilýän “Nýurburgringiň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşýar....

29.04.2026 11:53
4k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......

31.03.2026 22:22
5.2k+

Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur

Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe......