ABŞ-da ýurduň iň uly elektrik stansiýasy ýandy

  • 20.01.2025 16:28
  • 21k+

Kaliforniýanyň (ABŞ) Moss-Lending şäherindäki elektrik stansiýasynda ýangyn bolup geçdi. Bu barada Montereý okrugynyň adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermek boýunça departamentine salgylanyp, Los Angeles Times habar berýär. Wakanyň sebäbi gurluş näsazlygy boldy diýip, Politico habar berýär.

Desga dünýäde iň uly akkumulýator elektrik stansiýalarynyň biri hasaplanýar. Onda on müňlerçe litiý batareýasy işleýärdi. Işgärler we 1500 töweregi ýerli ýaşaýjy ýakyn ýerlerden ewakuasiýa edildi. Okrugdaky ýaşaýjylara penjireleri we gapylary ýapmak, şeýle-de wentilýasiýany öçürmek maslahat berildi. Litiý ýananda goýberilýän wodorod ftoridi saglyga zyýan ýetirýär.
Ýangynyň sebäplerini derňemek işi dowam etdiriler. Okrugyň şerifi hadysanyň Kaliforniýany gurşap alan tokaý ýangynlary bilen baglanyşykly däldigini belledi. Elektrik stansiýasy tebigy betbagtçylygyň merkezinden, takmynan, 500 km uzaklykda ýerleşýär.


şu gün 14:57
3.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

düýn 10:08
3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.7k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....