Mahaçew bilen Sarukýan titul ugrundaky söweşden näçe gazanar?

  • 14.01.2025 11:36
  • 16k+

19-njy ýanwarda irden ABŞ-da UFC 311 ýaryşynda çempion Islam Mahaçew bilen Arman Sarukýanyň arasynda ýeňil agramda titul  ugrundaky söweş geçiriler. Söweş diňe bir dartgynly tomaşa bolman, eýsem, iki pälwanyň hem rekord töleg hakyny aljakdygyny wada berýär.

Mahaçew oktagona girendigi üçin 1,5 million dollar alar we ýaýlyma satuwdan geljek bonuslary we göterimleri hasaba alanyňda, jemi 2 million dollardan geçip biler. Ondan öň wagtlaýyn at üçin Çarlz Oliweýra bilen söweş üçin, takmynan, 1 million dollar, Wolkanowski bilen geçirilen iki söweş üçin - 3 million dollara golaý aldy. Dastin Porýe bilen soňky söweşi oňa ýene 1,8 million dollar getirdi.
Deňeşdirmek üçin, iň ýeňil agramda promouşeniň çempiony Aleksandr Pantoža soňky guşak goragy üçin 3,5 million dollar aldy, Iliýa Topuriýa Maks Hollouweýden üstün çykmagyy üçin 2,4 million dollar, Aleks Pereýra bolsa reýtingiň 8 orundaky  türgeni Halil Rauntrini ýeňeni üçin 2,8 million dollar gazandy. Promouşeniň käbir ýyldyzlary birnäçe esse ýokary töleg alýarlar: Jon Jons Stipe Mioçiç bilen söweş üçin, takmynan, 15 million dollar aldy, Tom Aspinall bilen söweş üçin bolsa 30 million dollar soraýar, ýogsam Mahaçew P4P reýtinginde Jonsdan ýokarda durýar.
Arman Sarukýanyň hem ýaýlymyň satuwyndan aljak paýyny göz öňünde tutsaň, girdejisiniň 1 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar. Ol Çarlz Oliweýra bilen soňky söweşi üçin bary-ýogy 160 000 dollar (braziliýaly - 800 000 dollar) aldy.
UFC 311 ýaryşy özüniň esasy wakasy - Merab Dwalişwili bilen Umar Nurmagomedowyň arasyndaky titul göreşi sebäpli has köp ünsi çekýär. Şeýle agramly söweş gatnaşyjylaryň girdejilerine oňyn täsir etjek ýokary ýaýlym satuwlaryny wada berýär.


düýn 14:40
3.1k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....