Tuhel ýylyň iň gowy tälimçisi boldy

  • 18.01.2022 12:38
  • 5.1k+

«Çelsiniň» baş tälimçisi Tomas Tuhel FIFA boýunça 2021-nji ýylyň iň gowy tälimçisi boldy.

Germaniýaly hünärmen geçen möwsümiň dowamynda «Çelsiniň» tälimçi wezipesinde Frenk Lempardyň ornuny çalşyrdy. Tuhel ilkinji möwsüminde «Çelsini» Çempionlar ligasynda ýeňşe getirdi. Ýaryşyň finalynda Londonyň kluby Hosep Gwardiolanyň «Mançester Siti» toparyny utdy.
Bu baýraga Gwardiola we Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Mançini hem dalaş etdi. Gwardiola geçen ýyl «Mançester Siti» bilen bilelikde Angliýanyň çempionatyny we Angliýanyň ligasynyň kubogyny utdy. Mançini Italiýanyň milli ýygyndysyny Ýewropa – 2020 çempionatynda ýeňşe getirdi.
Iň gowy tälimçi üçin baýragyň mundan önki eýesi «Liwerpulyň» halypasy Ýurgen Klopp boldy.


düýn 23:43
716

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:18
2.9k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

düýn 12:16
1.5k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....