Serdar etrabynyň çägindäki köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak işi çaltlandyrylýar

  • 15.01.2022 22:32
  • 9.5k+

Türkmenistanda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Hökümetiň 14-nji ýanwardaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de “Serdar” elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.


şu gün 00:06
1.8k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

düýn 23:49
1.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

düýn 16:36
8.3k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

düýn 16:26
4.7k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....