Ýüregiň ritmine gözegçilik edip bilýän lampa döredildi

Ýüregiň ritmine gözegçilik edip bilýän lampa döredildi

Sengled kompaniýasy CES 2022 sergisinde köp sanly täze önümlerini tanyşdyrdy. Olaryň iň täsinleriniň biri täze Smart Health Monitoring Lamp boldy. Bu barada The Verge neşirine salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Sengled Smart Health Monitoring Light - hem Wi-Fi arkaly, hem Bluetooth arkaly işlemäge ukyply lampadyr. Ol radiolokasiýa tehnologiýasynyň kömegi bilen ýürek urşuna gözegçilik edip bilýär. Mundan başga-da, enjam ukyňa we bedeniň temperaturasyna gözegçilik edip bilýär.
Lampa ýeke hem, birnäçe lampanyň hatarynda hem işläp biler. Lampalar köp bolanda, olar hatda kimdir biriniň ýykylandygyny-da kesgitläp biler.
Önüm heniz işläp taýýarlama tapgyrynda barýar, şonuň üçin hem onuň bahasy hakynda belli bir maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, öndürijiniň pikiriçe, lampa 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde çykarylar.