Grammy baýragynyň gowşurylyş dabarasy näbelli möhlet bilen yza süýşürildi

  • 06.01.2022 23:33
  • 3k+

31-nji ýanwarda Kaliforniýanyň Los-Anjeles şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Grammy amerikan aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy  koronawirusyň ýaýramagy sebäpli näbelli möhlete yza süýşürildi. Bu barada Milli sungat we ses ýazgysy ylymlarynyň akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Şäher we ştat häkimiýetleriniň, saglygy goraýyş we howpsuzlyk pudagyndaky hünärmenleriň, ýerine ýetirijiler toparynyň we köp sanly hyzmatdaşlarymyzyň gatnaşmagynda ýagdaý düýpli gözden geçirilip, seljerilenden soň ses ýazgysy akademiýasy we CBS teleýaýlymy Grammy baýragynyň 64-nji ýyllyk gowşurylyş dabarasyny soňa goýdy. Omikron-ştammynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly näbellilikleri göz öňünde tutsaň, 31-nji ýanwarda dabarany geçirmek töwekgelçilikli bolar” – diýlip, habarda görkezilýär.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, çäräni geçirmegiň täze senesi soňrak belli ediler. Grammy baýragy üçin sazandalar 85 nominasiýada, şol sanda iki sany täze – dünýä aýdym-sazynda “Iň gowy global aýdym-saz çykyşy” we latyn amerikaly ýerine ýetirijiler üçin “Iň gowy şäher albomy” kategoriýalarynda bäsleşerler.

düýn 20:27
2.4k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
3.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.9k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.4k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....