Sony elektromobilleri işläp taýýarlamak boýunça bölümçesini döreder

  • 06.01.2022 13:30
  • 5.5k+

Ýaponiýanyň Sony korporasiýasy elektromobilleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanjak täze bölümçesini döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada kompaniýanyň ýaýradylan habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Munuň üçin ýazda aýratyn Sony Mobility firmasy esaslandyrylar. Netijede, Sony elektromobil bazaryna çykmagy göz öňünde tutýar, ýöne anyk möhlet heniz bellenilmedi. 
Özi üçin täze ugurda brend döretmek boýunça meýilnamalarynyň çäginde Sony Las-Wegasda geçirilýän sarp ediş elektronikasynyň, robototehnikanyň we mobil tehnologiýalarynyň Halkara sergisinde özüniň işläp taýýarlan ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulagynyň prototipini hem görkezdi.
Ýapon awtoöndürijileri soňky döwürde zyňyndylary nola deň bolan tehnologiýalary ösdürmäge uly üns berýärler. Öň Toyota 2030-njy ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik we gibrid hereketlendirijili awtoulaglary satmagy maksat edindi. Kompaniýa Hytaýda şeýle görkezijilere 2035-nji ýyla çenli ýetmek isleýär.


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......