Gyş paslynda bedene haýsy witaminler has zerur?

  • 31.12.2021 18:46
  • 13k+

Iýmitleniş boýunça hünärmen Holli Zokkolan gyşda - gün şöhlesiniň we ýylylygyň az döwründe adama haýsy witaminleriň has gerekdigi hakynda gürrüň berdi.

Hünärmeniň pikiriçe, ýagtylyk az döwründe adama gün şöhlesinde tebigy ýagdaýda emele gelýän D witamini gerek. Bedende bu witaminiň ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin ýagly balyklary, peýnir, ýumurtganyň sarysyny we et iýmeli. Bu iýmitleriň ählisiniň hem düzüminde D witamini bardyr. Olary iýmit goşundysy hökmünde kabul etmek has dogrudyr. Bu witamin immuniteti hemişe güýçli saklamak üçin möhümdir.
Gyşda bedeni C witamini we sink bilen üpjün etmek hem möhümdir we olary, esasan, iýmite goşundy hökmünde kabul etmek maslahat berilýär. Sowuklama garşy göreşmekden we immuniteti güýçlendirmekden başga-da, C witamini dokumalary bejermek üçin möhümdir.


düýn 19:08
4.6k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar...

10.07.2025 11:09
6.6k+

Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady...

09.07.2025 20:08
1.9k+

Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň...

08.07.2025 17:33
3k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...