Berdimuhamedow GDA-nyň Prezidentleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy

  • 28.12.2021 20:04
  • 15k+

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy. Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, şu ýylyň ähmiýetli bolandygyny we ýurtlaryň GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny mynasyp belländiklerini aýtdy. 

Türkmen döwletiniň Baştutany GDA giňişliginde integrasiýa prosesleriniň möhüm bölegi hökmünde ykdysady we gurluş çäkleriniň sazlaşyklylygyna, hyzmatdaşlygyň we özara hereketleriň ösüşine, kuwwatly innowasiýa düzüjileri bilen önümçiligiň, tehnologik we logistik zynjyrlarynyň kemala getirilmegine esaslanýan ykdysady ulgamy öňe çykardy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti agza ýurtlary Arkalaşygyň hyzmatdaşlary bilen, hususan-da, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady bileleşigi we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly Ýewraziýa ugurly sebitleýin ykdysady birleşikler bilen gatnaşyklary güýçlendirmäge çagyrdy. 

COVID-19-yň netijelerine garşy göreşi dowam etmegiň zerurlygyny nygtamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli, çalt depginde dikeldilmeginiň, ulag gatnaşyklarynda çäklendirmeleriň aradan aýrylmagynyň derwaýys ähmiýetini aýtdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......