Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi

  • 24.12.2021 22:30
  • 15k+

DisplayMate barlaghanasynyň hünärmenleri Xiaomi 12 smartfonyna baha berdiler. Bu barada GizmoChina neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Žurnalistler brendiň täze smartfony barada ilkinji maglumatlary beren hytaý korporasiýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýunyň habaryna salgylanýarlar. Kompaniýanyň top-menejeriniň aýtmagyna görä, olaryň Xiaomi 12 flagmany DisplayMate barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan synagdan geçirildi. Synaglaryň netijesi boýunça, enjam öňki panelleriň hili bilen baglanyşykly 15 rekordy täzeledi, ýöne anyk maglumatlar getirilmeýär. Dewaýs A+ reýtingini hem aldy.

Leý Szýun Xiaomi 12 smartfonynyň 16 ýagtylyk derejesine eýe bolan ýokary hilli AMOLED ekrany bilen tapawutlanýandygyny belledi. Gurluşyň öňdäki paneli berk Corning Gorilla Glass Victus aýnasy bilen goralýar. Bu telefon heniz çykarylmady.

Insaýderleriň aýtmagyna görä, ýylyň ahyrynda hytaý kompaniýasy täze flagman seriýasynyň üç smartfonyny hödürlär – Xiaomi 12, 12 Pro we 12X. Bu enjamlar Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1 prosessoryna esaslanyp, Android 12 operasion sistemasynyň esasynda MIUI 13-e eýe bolar. Flagmanlaryň anonsy 28-nji dekabra meýilleşdirilýär. 


24.05.2026 06:47
3.4k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.4k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

20.04.2026 14:42
4.5k+

«Ýyldyrym» atly robot adamyň goýan rekordyny täzeledi

Pekin ýarym marafonunda «Ýyldyrym» atly doly awtonom ynsanpisint robot adamyň goýan rekordyndan has ýokary netije görkezip, taryha girdi. Bu waka robot tehnikalarynyň ösüşinde uly ädim boldy....