Oksford uniwersiteti bilen AstraZeneca “omikrona” garşy sanjym görnüşini taýýarlamaga girişdi

  • 23.12.2021 19:46
  • 4.9k+
Oksford uniwersiteti bilen AstraZeneca “omikrona” garşy sanjym görnüşini taýýarlamaga girişdi

Öň koronawirusa garşy sanjym taýýarlan Oksford uniwerstiteti bilen britan-şwed kompaniýasy AstraZeneca omikron ştammy bilen göreşmek üçin niýetlenen derman serişdesini döretmäge girişdi. Bu barada TASS habar berýär.

“Biz Oksford uniwersiteti bilen bilelikde ätiýaç üçin omikrona garşy sanjym görnüşini öndürmek ýolunda deslapky ädimleri ätdik” – diýip, “Financial Times” AstraZeneca-nyň beýannamasyny getirýär.

Oksforddaky gözleg toparynyň ýolbaşçysy Sendi Duglasyň aýtmagyna görä, adenowirusa esaslanýan sanjymlar (mysal üçin, Oksford uniwersiteti we AstraZeneca tarapyndan öndürilýän) öň göz öňünde tutulandan islendik täze ştamma çalt täsir etmek üçin ulanylyp bilner.
Gözlegçiler zerur bolan ýagdaýynda 100 günüň dowamynda sanjym modifikasiýasyny taýýarlap biljekdiklerini çaklaýarlar.
Öň Ýewropanyň derman serişdeleri agentliginiň ýolbaşçysy Emer Kukuň gazete gürrüň bermegine görä, omikron ştammyň peýda bolmagy bilen koronawirusa garşy bar bolan sanjymlaryň täsirliligi peseldi. Şeýle-de bolsa, “omikrona” garşy sanjymlaryň gerekdigi ýa-da ýokdugy barada netije bar bolan sanjymlaryň täsir etmeýändigine ýeterlik ylmy subutnamalar bolan halatynda kabul ediler.


10.05.2024 13:28
4.6k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
11k+

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...

20.10.2023 10:33
11k+

Ýaponiýada COVID-19-dan goranmak üçin bäş sekunt düzgüni oýlanyp tapyldy

Sukuba uniwersitetinden we Halkara Ýuwaş umman uniwersitetinden ýaponiýaly hünärmenleriň topary gözleg geçirip, howa-damja ýoly arkaly geçýän dürli keseller bilen kesellemegiň iň ýokary derejesiniň keseliň çeşmesi...

27.08.2023 12:54
18k+

BMGÖM Türkmenistana barlaghana reaktiwleriniň nobatdaky tapgyryny getirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreş” maksatnamasynyň çäklerinde nobatdaky lukmançylyk serişdelerini ugratdy. Bu...