“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlaryny sanap geçdi

  • 20.12.2021 23:46
  • 5.8k+

“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlarynyň sanawyny hödürledi. Sanawa ylmy ugurda on sany esasy üstünlik girdi. Bu barada iz.ru habar berýär.

Şeýlelikde, COVID-19-a garşy sanjymlar ýylyň “öňegidişligi” diýlip ykrar edildi. Şeýle-de, alymlara işlenip düzülen algoritmler arkaly protein gurluşlaryny çaklamakda ösüş gazanmak başartdy. Hünärmenler täze mehanizmleriň kömegi bilen wirusyň “omikron” ştammynyň tiken belogyndaky üýtgeşmeleri modelirlemegi göz öňünde tutýarlar.

Mundan başga-da, ylmy işler lukmanlaryň şikesden soňky stress bozulmalaryny bejermek mümkinçiliklerini artdyrdy. 
Ýene bir ähmiýetli açyş arheologik agtaryşlaryny öwrenmäge degişlidir. Hünärmenler gowak topragyndan we ýaşy 1 million ýyldan gowrak bolan gazylyp tapylan galyndylardan ýadro DNK-syny almagy öwrendiler. Şeýlelik bilen, alymlar ýitip giden biologik görnüşler baradaky maglumatlary has jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik gazandylar. 
Ylmy pudakda termoýadro sintezi ugrundaky ösüş hem möhüm wakadyr. Ýagny, ilkinji gezek termoýadro reaktory onuň işine sarp edileninden has köp energiýa öndürdi. 
Reýtinge CRISPR-terapiýasyny ulanyp, nesilden-nesle geçýän keselleri bejermek üçin alymlar tarapyndan işlenip düzülen usul hem goşuldy. Bu tehnologiýa adam organizmindäki genleri redaktirlemäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, 2021-nji ýylda Marsyň gurluşy baradaky bilimleri ep-esli artdyrmak başartdy.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......