Apple hususy prosessorlaryna geçer

  • 19.12.2021 19:41
  • 3.1k+

Apple kompaniýasy iPhone, Mac we beýleki gajetlerde başga prosessorlary ulanmakdan ýüz öwürmekçi bolýar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, Trend belleýär.

Agentligiň hasabatynda amerikan kompaniýasynyň prosessor hataryny giňeltmek bilen meşgullanjak onlarça hünärmeni işe aljakdygy aýdylýar. Kompaniýa gajetleriniň önümçiliginde başga üpjün edijilerden doly garaşsyz bolmagy we hususy böleklerine geçmegi maksat edinýär. Esasy çiplerden başga-da, Apple-iň ýolbaşçylygy häzirki wagtda Broadcom we Skyworks Solutions kompaniýalary tarapyndan iberilýän simsiz enjamlaryň ornuny tutujyny çykarmak isleýär. 

Žurnalistler Apple-iň smartfonlarynyň, planşetleriniň we kompýuterleriniň kompaniýanyň içinde taýýarlanylan A we M seriýalarynyň çipleri bilen ýola goýulýandygyna ünsi çekdiler. Şeýle-de, iPhone-da we beýleki gurluşlarda U1 prosessory bar, H1 çibi AirPods gulaklyklaryna ses çeşmesi bilen ygtybarly birikmäge mümkinçilik berýär.

Hünärmenler ýakyn ýyllarda Apple dewaýslarynda beýleki çipleri öndürijileriň hyzmatlaryndan doly ýüz öwrüp biler diýip hasaplaýarlar. Korporasiýa 2020-nji ýylda Mac kompýuterleri üçin prosessorlary iberýän Intel bilen hyzmatdaşlyk etmegi bes etdi.


19.05.2026 09:37
4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....