«Möý adam» ABŞ-da ilkinji prokat güni kassa ýygymy boýunça rekord goýdy

«Möý adam» ABŞ-da ilkinji prokat güni kassa ýygymy boýunça rekord goýdy

«Möý adam: Öýe ýol ýok» filminiň premýeradan soň ilkinji günde kassa ýygymy dekabr aýynda amerikan kinoteatrlar ulgamy AMC Entertainment Holdings-de çykan filmleriň arasynda rekord boldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär. 

ABŞ-da filmiň premýerasy 16-njy dekabrda boldy, iki günden az wagtyň içinde oňa 1,1 mln adam tomaşa edip ýetişdi. AMC-niň maglumatlary boýunça, film iň girdejili premýeralaryň umumy sanawynda diňe 2019-njy ýylyň Marvel älemi boýunça “Ar alyjylar: Final” kinosyna ýol berip, ikinji orny eýeleýär. 

Jona Uottsyň “Möý adam: Öýe ýol ýok” filmi Marvel kinoäleminiň 27-nji kartinasydyr. Onda Piter Parker Doktor Strenjiň goldawyna daýanyp, tutuş dünýäni özüniň Möý adamdygyny ýatdan çykarmaga mejbur etmekçi bolýar, ýöne ähli zat meýilleşdirilişi ýaly bolmaýar. Filmde baş keşpleri Tom Holland, Zendeýa we Benedikt Kamberbetç ýerine ýetirdi.