Dünýäniň iň gymmat awtoduralgaly şäherleri belli edildi

  • 18.12.2021 23:19
  • 8.9k+

Dünýädäki iň gymmat tölegli awtoulag duralgasy London şäherinde ýerleşýär. Bu şäherde awtomobiliňi bir sagat goýmak üçin tas 11,3 dollar sarp etmeli bolýar. Şeýle maglumatlar Picodi.com portalynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen gözleg işinde berilýär. Muny Trend ýetirýär.

Reýtingiň üçlüginde Norwegiýanyň Oslo şäheri we Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam hem ýerleşdi, bu ýerlerde awtoduralganyň bir sagady üçin, degişlilikde 8,57 dollar we 8,55 dollar tölemeli bolýar. Ýedi dollardan az awtoulag duralgasy Parižde (6,84 dollar), Sýurihde (6,51 dollar), Kopengagende (5,98 dollar), Rigada (5,7 dollar) we Stokgolmda (5,65 dollar) bar. Analitikler has arzan awtoduralgany merkezden uzakda bolan ýerlerde tapyp boljakdygyny belleýärler.

Şeýle-de, awtoulag duralgasynyň pes bahasy Nur-Soltanda (0,23 dollar), Bişkekde (0,29 dollar), Buenos-Aýresde (0,30 dollar), Minskde (0,4 dollar), Mehikoda (0,51 dollar) hem-de Tbiliside (0,96 dollar) hasaba alyndy.


düýn 11:57
2.7k+

Alymlar Şekspiriň Londondaky öýüni tapdylar

XVII asyra degişli tapylan karta Wilýam Şekspiriň Londondaky öýüniň ýerleşýän ýerini anyklamaga mümkinçilik berdi....

17.04.2026 07:34
2k+

Britaniýaly dizaýner arylar üçin 3D-printerde çap edilen gülleri döretdi

Britaniýaly dizaýner Jastina Aleksandroff «Faux Flora» atly taslamasyny tanyşdyrdy. Bu taslama 3D-printerde çap edilen emeli güllerden ybarat bolup, olar hapalanan howa şertlerinde arylar üçin ysly çelgi......

16.04.2026 17:18
3.2k+

Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy......

16.04.2026 00:12
3.6k+

Angliýada tapylan Rafaeliň «Mariýa Magdalena» eseri sungat äleminde uly gowur döretdi

Angliýada meşhur italýan suratkeşi Rafael Santiniň galamyndan çykan diýlip çaklanylýan «Mariýa Magdalena» atly täze bir surat eseri ýüze çykaryldy. Open Science neşiriniň habar berşi ýaly, ýöne bu açyş......