Angliýada tapylan Rafaeliň «Mariýa Magdalena» eseri sungat äleminde uly gowur döretdi

  • 16.04.2026 00:12
  • 3.9k+

Angliýada meşhur italýan suratkeşi Rafael Santiniň galamyndan çykan diýlip çaklanylýan «Mariýa Magdalena» atly täze bir surat eseri ýüze çykaryldy. Open Science neşiriniň habar berşi ýaly, ýöne bu açyş Palatina galereýasyna degişli bolan we uzak wagtlap Pýetro Perujino tarapyndan döredilen diýlip hasaplanyp gelnen meňzeş eseri şübhe astyna alýar.

Bu eser şu çaka çenli başga bir suratkeşe degişli diýlip ýalňyş hasap edildi. Has anygy, onuň üstündäki soňraky goşulan reňk gatlaklary asyl nusgany gizlän bolup çykdy. Alymlar bu suratyň Rafaeliniňkidigini subut etmek üçin himiýa-fiziki seljerme geçirip, boýaglaryň düzümini öwrendiler, şeýle-de arhiwdäki, Fransesko Mariýa II della Röwere aradan çykandan soň «Mariýa Magdalena» suratynyň ady geçýän Urbino gersogynyň resminamalaryny gaýtadan seljerdiler.

Haçan-da eseri infragyzyl surata düşürmek usuly ulanylanda, awtoryň işiň dowamynda ýüz keşpde we kompozisiýada eden käbir düzedişleri ýüze çykdy. Bu bolsa onuň asyl nusgadygyny görkezýär. Sebäbi Florensiýadaky nusgada şeýle kysmy döredijilik yzlary ýokdur.

Täze tapylan eserde reňk gatlaklary örän inçe we «S. Maria Madalena» diýen ýazgyda latyn dili däl-de, şol döwrüň adaty halk dili ulanylypdyr.

Eger alymlaryň bu ylmy netijeleri gutarnykly tassyklansa, onda Galkynyş döwrüniň iň esasy eserleriniň awtorlygy täzeden gözden geçiriler. Bu bolsa sungat taryhynda uly bir öwrülişik bolar.


28.05.2026 12:25
1.7k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

27.05.2026 15:32
2.6k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

24.05.2026 16:26
5.9k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....