AnTuTu noýabr aýyndaky iň kuwwatly iOS gurluşlarynyň global reýtingini hödürledi

  • 15.12.2021 00:41
  • 5.1k+

AnTuTu bençmarky tutuş dünýä boýunça Apple kompaniýasynyň iň kuwwatly gurluşlarynyň reýtingini neşir etdi. Bu barada kanobu.ru habar berýär. 

Iň kuwwatly gajetleriň ilkinji üçlügini Apple M1 we A12X Bionic çiplerindäki täze planşetler emele getirdi. Üçlügiň ilkinji iki orny bolsa milliondan gowrak bal gazandy. Birinji orny 12,9 dýuýmlyk iPad Pro 5 eýeledi. Onuň netijesi 1 243 089 bal boldy. Ikinji orny 11 dýuýmlyk iPad Pro 5 eýeledi – 1 177 912 bal. Liderleriň üçlügini iPad Pro 3 (12,9 dýuým) jemleýär. Bu planşet 843 596 bal gazandy.
Dördünjiden onunja çenli orunlary iPhone 13 Pro Max (842 234 bal), iPhone 13 Pro (833 936 bal), 12,9 dýuýmlyk iPad Pro 4 (828 312 bal), 11 dýuýmlyk iPad Pro 4 (820 842 bal), iPhone 13 (814 197 bal), iPad Mini 6 (809 501 bal), 11 dýuýmlyk iPad Pro 3 (799 187 bal) eýeledi.


02.03.2026 22:21
4.9k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...