«Altyn» ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy

  • 14.12.2021 19:57
  • 2.5k+

Kin – “altyn” (金) ieroglifi Ýaponiýada tamamlanyp barýan ýylyň nyşany boldy. Ony Ýaponiýanyň Ieroglif sowatlylygyny barlamagyň assosiasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýän sosialogik pikir soraşma gatnaşyjylar saýladylar diýip, “Japan Times” neşiri ýazýar. Muny www.rbc.ru ýetirýär.

Ieroglif (kandzi) “metal” we “pul” manylaryny hem berýär.

Ieroglifiň saýlanmagy ýaponiýaly türgenleriň 2020-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda gazanan altyn medallarynyň sany bilen baglanyşyklydyr. Ýaryşlar koronawirus çäklendirmeleri sebäpli bir ýyl yza süýşürilenden soň şu ýylyň iýul aýynda geçirildi.

Ýaponiýaly türgenler altyn medallaryň rekord sanyny (27) gazanyp, 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Oýunlarda goýlan we 2004-nji ýylda Afinada gaýtalanan 16 baýrak rekordy täzelediler. 

Pikir soraşma 27-nji gezek geçirilýär. Ieroglif saýlananda, ýurduň baş budda ruhanysy Seýhan Mori (Kiotodaky Kiýomidzu ybadathanasynda hyzmat edýär) nyşany uly kagyz ýüzünde ullakan kalligrafiýa çotgasy bilen şekillendirdi. 

“Altyn” ieroglifi eýýäm dördünji gezek ýylyň nyşany boldy. Ol 2000-nji, 2012-nji we 2016-njy ýyllarda hem saýlanypdy. Geçen ýyl ýylyň ieroglifi “ýakyn” ýa-da “dykyz” manylaryny berýän mitsu (密) boldy. Ol koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleri alamatlandyrýar.


14.12.2024 17:11
2.9k+

“Altyn” ieroglifi Ýaponiýada ýene ýylyň nyşany hökmünde ykrar edildi

Ýaponiýada 2024-nji ýylyň nyşany hökmünde “kin” (“altyn”) ieroglifi saýlandy. Bu barada Kiotadaky “Kiýomidzu-dera” (“Arassa suw ybadathanasy”) buddizm ybadathanasynda geçirilen dabarada yglan edildi diýip, TASS...

21.11.2024 10:43
14k+

Ýaponiýaly adam karar bermekden ýadap, 15 ýyl bäri şol bir zady iýip, birmeňzeş eşikleri geýýär

"Ertir näme iýmeli?", "Ertir näme geýmeli?"... Ýaponiýaly Go Kita 23 ýaşyndan bäri ertirligine ramen we hoz, günortanlygyna towuk etini we agşamlygyna ýaşyl noýba bilen gowrulan doňuz etini iýýär. Eýýäm 15 ýyl...

19.11.2024 20:19
13k+

Fudzi dagyna gijigip ýagan ilkinji gar bary-ýogy birnäçe günde eredi. Beýle ýagdaý öň hiç wagt bolmandy

6-njy noýabrda Fudzi dagyna gaty gijigip düşen ilkinji garyň ömri gysga bolup çykdy. NASA-nyň Landsat 8 hemrasyndan alnan suratlara görä, birnäçe günden soň gar doly eräp, Ýaponiýanyň iň beýik gerşi ýene ýalaňaçlandy...

09.11.2024 08:41
6.7k+

Fudzi dagynyň depesi ahyrsoňy gar bilen örtüldi. Bu 130 ýylda iň giç ýagan ilkinji gardyr

7-nji noýabrda Ýaponiýanyň meşhur Fudzi dagynda möwsümiň ilkinji gar örtügi peýda boldy. Bu 130 ýyllyk taryhyň dowamynda iň giçki ilkinji gar diýip, BBC habar berýär. Adatça, 3 776 metrlik dagyň depesi oktýabr...