Ilon Mask Ýer ýüzünde ilatyň sanyny köpeltmäge çagyrdy

Ilon Mask Ýer ýüzünde ilatyň sanyny köpeltmäge çagyrdy

Tesla-nyň we SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask dünýä jemgyýetçiligini Ýer ýüzündäki adamlaryň sanyny köpeltmäge çagyrdy. Bu barada CNBC salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Maglumat giňişliginde Ýer şarynyň ilatynyň bolmalysyndan has köpdügi ara alnyp maslahatlaşylsa-da, Ilon Mask bu barada düýbünden başga pikirde. Onuň pikiriçe, Ýer ýüzünde dogluş derejesiniň peselmegi siwilizasiýa üçin iňňän uly howp bolup durýar.

"Adamlar çaga dogurmasyny köpeltmese, siwilizasiýanyň soňy geler. Aýdanlarymy ýadyňyzda saklaň" diýip, Ilon Mask ýazýar.

Millioneriň aýtmagyna görä, bar bolan analitiki maglumatlaryň esasynda dünýä ýüzünde adam ýetmezçiligini çaklamak bolýar. Mundan ozal Morgan Stanley maliýe konglomeraty barha köp adamyň çaga dogurmakdan ýüz öwürmeginiň çaga dogluşynyň global derejesine ýaramaz täsir edýändigi barada ýazypdy.

Häzirki wagtda bu meseläni çözmek boýunça köp ýurtlarda iş alnyp barylýar. Mysal üçin, hatda Hytaýyň käbir sebitlerinde çaga dogurmagy höweslendirmek üçin pul sylaglary girizildi.