Habibiň ligasy 2022-nji ýylda ABŞ-da 9 sany ýaryş geçirer

  • 12.12.2021 09:09
  • 14k+

Habib Nurmagomedowyň EFC ligasynyň başlygy Şamil Zawurow promouşeniň geljekki meýilnamalary barada gürrüň berdi. Muny championat.com habar berdi.

“Amerikadaky ýaryşmy? Bu heniz diňe başlangyjy. Biz 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da dokuz sany ýaryş geçirmegi meýilleşdirýäris, biziň diýseň uly meýilnamalarymyz bar"-diýip, Zawurow EFC ​​43 ýaryşyna gatnaşyjylaryň agramyny çekmek dabarasyndan soň žurnalistlere beren interwýusynda aýtdy.

“Biziň öz işimiz bar, biz diňe GDA ýurtlarynda däl, eýsem, dünýä arenasynda-da özümizi tanatmak isleýäris. Ýewropada bolşy ýaly, Amerikada hem ýaryşlary guramakçy bolýarys" diýip, championat.com Zawurowyň sözlerini getirýär.

ABŞ-da ilkinji EFC ýaryşy 28-nji ýanwarda Maýamide geçiriler. Agşamyň esasy wakasynda agyr agramda çykyş edýän Bigfut lakamly söweşiji Antonio Silwa Taýron Spong bilen güýç synanyşar.


13.03.2026 12:13
8.1k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.5k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.5k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...