Dastin Porýe UFC-niň tituly üçin Çarlz Oliweýra bilen söweşi barada pikirini aýtdy

Dastin Porýe UFC-niň tituly üçin Çarlz Oliweýra bilen söweşi barada pikirini aýtdy

Ýeňil agramda UFC-niň titulyna dalaş edýän Dastin Porýe çempion Çarlz Oliweýra bilen söweşi barada pikirlerini paýlaşdy. 

“Oturan ýerimden Oliweýranyň guşagy saklap durandygyny görüp oýlanýan: «Bu meniň guşagym, ony men almaly». Meniň pikirimçe, biziň söweşimiziň soňy bolar. Bu aýgytly söweş bolar we ol 25 minut dowam etmese gerek. Biz utuk üçin hereket etmän, garşydaşyny nokauta gidirmäge synanyşýan iki söweşiji. 

Görnüşi ýaly, biz dünýäniň iň gowy iki söweşijisi. Üstesine-de, tejribeli. Bu ýokary derejeli söweş bolar” – diýip, Porýe aýtdy. Bu barada sports.ru belläp geçýär. 

Porýe bilen Oliweýranyň söweşi 12-nji dekabrda UFC 269 ýaryşynyň esasy söweşi bolar.