Aşgabatda we welaýatlarda 3-nji dekabrda boljak howanyň ýagdaýy

Aşgabatda we welaýatlarda 3-nji dekabrda boljak howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 3-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +4... +6° sowuk bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +8... +13°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.
rkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 762 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Awazada: howa +8... +10°, basyşy 770 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Balkanabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 769 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 742 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Tejen şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 749 mm, çyglylygy 75 — 95%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 745 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 744 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine +7... +12° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Kerki şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 741 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... +4°, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 761 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Köneürgenç şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 764 mm, çyglylygy 50 — 70%.