Ýylyň iň ýagty kometasy dekabr aýynda Ýere has ýakyn bolar

  • 03.12.2021 18:58
  • 7.3k+

Ýylyň iň ýagty kometasy bolup biljek Leonard (C/2021 A1) 12-nji dekabrda Ýere mümkin boldugyndan has ýakyn bolar. Bu barada Moskwadaky planetariýniň metbugat gullugy ýazýar diýip, TASS habar berýär.

“Ýylyň iň ýagty kometasy bolmagy wada berýän C/2021 A1 (Leonard) kometasy Ýere golaýlaýar. 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ol Ýere 35 mln km (0,23 astronomik birligi) minimal aralyga gelip, perigeýden geçer. Bu wagt kometa Ýylangöteriji ýyldyzlar toplumynda ýerleşer we ony ýönekeý göz bilen görüp bolar” – diýip, metbugat gullugy ýazýar.

Ýeriň demirgazyk ýarym şarynda kometa dekabr aýynda synlamak üçin elýeterli bolar. 1-nji dekabrdan 13-nji dekabr aralygynda ol Aw Itleri, Öküz çopany, Ýylan, Gerkules we Ýylangöteriji ýyldyzlar toplumynyň fonunda çalt hereket eder. Ony irden we agşam görmek mümkin bolar. 

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda kometa perigeliýden geçip, Güne has ýakyn aralykda bolar (0,62 astronomik birligi) diýip, planetariýniň metbugat gullugy belledi. 

C/2021 A1 (Leonard) kometasyny 2021-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda amerikaly astronom Gregori Leonard açdy. Bu 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda açylan ilkinji kometa boldy. Ol kosmos giňişliginden, takmynan, 70 km/s tizlik bilen uçýar.


şu gün 16:54
4.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......