Italiýa bilen Fransiýa täze taryhy şertnama baglaşdylar

  • 01.12.2021 08:53
  • 5.3k+

Ýakynda Italiýa bilen Fransiýa täze taryhy şertnama baglaşdylar. Oňa laýyklykda, iki ýurt tarapyndan köp sanly bilelikdäki başlangyçlara badalga berler, şeýle hem ýurtlaryň wekilleri biri-biriniň Ministrler Kabinetiniň Mejlislerine gatnaşarlar. Bu barada JPost-a salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

"Gol çekilen fransuz-italýan şertnamasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm ädimdir we birnäçe ugurda has ýakyn hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolar" diýip, Italiýanyň premýer-ministri Mario Dragi aýtdy.

Dragi Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen söhbetdeşlikde iki ýurduň energiýa we tehnologiýa, şeýle hem gözleg we innowasiýa ugurlarynda “hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine” başlajakdygyny aýtdy. Şeýle hem, ol Italiýanyň ministriniň çärýekde azyndan bir gezek Fransiýanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisine gatnaşjakdygyny we fransuz ministriniň hem şeýtjekdigini belledi.

“Gol çeken ösen hyzmatdaşlyk şertnamamyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardaky taryhy pursady alamatlandyrýar. Fransiýa bilen Italiýa diplomatik, söwda, syýasy we medeni gatnaşyklary has-da güýçlendirýär"-diýip, Dragi nygtady.


26.06.2025 11:51
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-nde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Fransiýanyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň...

23.06.2025 01:20
4.1k+

Italiýanyň Premýer-ministrine Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma çakylyk gowşuryldy

19-njy iýunda Rimiň Kiži köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň Premýer-ministriniň diplomatik geňeşçisiniň orunbasary Pietro Sferra Karininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda...

19.06.2025 14:42
4.5k+

Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy

17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi...

02.06.2025 10:27
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň halkyny Respublika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Italiýanyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär...