Google Irlandiýanyň hökümetine 245 million dollar salgyt tölär

  • 01.12.2021 08:57
  • 3.7k+

Google kompaniýasy Irlandiýanyň hökümetine 245 million dollar salgyt tölär. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatlaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Google Ireland (Alphabet Inc.) Irlandiýanyň hökümetine 245 million dollar möçberinde ozal tölenmän galan salgydy tölemeli bolar. "Kompaniýa geçen ýyllar bilen baglanyşykly käbir salgyt meseleleri babatda ylalaşyga geldi" - diýip, Google Ireland-yň maliýe hasabatlarynda aýdylýar.

Maglumatlaryň 2020-nji ýyldaky maliýe hasabatynda çap edilendigine garamazdan, kompaniýa bu düzgünleşdirmäniň "ýyl tamamlanandan soň" gazanylandygyny öňe sürýär. Şeýle hem, Google-yň bu maliýe hasabatynda "ýakyn ýyllarda kärhanalaryň salgyt derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljek global salgyt özgertmeleriniň ösüşini yzarlaýandygyny" ýazylýar.


29.05.2026 16:32
1.3k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...