Eýnşteýniň golýazmasy auksionda 13 million dollara satyldy

  • 01.12.2021 09:01
  • 5k+

Pariždäki Christie's auksion öýünde Albert Eýnşteýniň otnositellik teoriýasyny düzmäge synanyşanda eden hasaplamalaryny öz içine alýan golýazmasy satyldy. Bu barada BBC habar gullugyna salgylanyp, zn.ua habar berdi.

Golýazmanyň bahasy 11 million ýewro (13 million dollar) barabar boldy diýip bellenilýär, şeýle hem munuň awtografiki ylmy resminama üçin rekord bahadygy aýdylýar.

Bu teoriýa 1915-nji ýylda neşir edildi we adamzadyň giňişlige, wagta we agyrlyk güýjüne düşünişini üýtgetdi. Golýazma 1913-1914-nji ýyllara degişli bolup, onda Eýnşteýniň we onuň resminamany saklaýan kärdeşi Mişel Bessonyň bellikleri bar.

Golýazma gara syýa bilen ýazylan. Auksion öýüniň hünärmenleriniň pikiriçe, bu golýazma otnositellik teoriýasyny düzmekde alymlaryň goýberen birnäçe ýalňyşlyklaryny görkezýär. 54 sahypalyk resminamany satyn alan adam öz adynyň mälim edilmezligini isledi.

şu gün 09:39
113

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisi öz işine başlady

30-njy oktýabr – 13-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň medeniýet ministri A...

düýn 21:40
4.5k+

Müsürde dünýäniň bir siwilizasiýa bagyşlanan iň uly muzeýi açylýar

Dubliniň Heneghan Peng Architects binagärlik býurosy Gizadaky Uly Müsür muzeýiniň gurluşygynyň taslama yglan edilenden otuz ýyldan gowrak wagtdan soň doly tamamlanandygyny habar berdi. Muzeý Giza piramidalarynyň golaýynda 500 000 inedördül metr meýdanda ýerleşýär we köpüsi ozal köpçülige görkezilmedik faraonlar döwrüniň 100 000-den gowrak artefaktyny jemleýär...

düýn 15:50
2.5k+

YouTube pes hilli wideolary awtomatik gowulandyryp başlar

YouTube, aýratynam, telewizorda wideo tomaşa etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalary hödürledi. Esasy täzelikleriň biri 1080p-den pes durulykdaky wideolary awtomatik masştabirleme boldy. Platforma şeýle wideolaryň hilini HD, geljekde bolsa 4K derejesine çenli ýokarlandyrmak üçin emeli aň tehnologiýasyny ulanar...

düýn 13:05
6.3k+

Nýu-Ýorkda täze ýokary tehnologiýaly gökdirän bina ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň hataryna goşuldy

Nýu-Ýork şäherinde täze binagärlik nyşany peýda boldy. Britaniýanyň Foster + Partners kompaniýasy tarapyndan taslanan 270 Park Avenue atly täze gökdirän bina 423 metr beýiklige ýetip, ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň biri boldy diýip, New Atlas habar berýär...