Eýnşteýniň golýazmasy auksionda 13 million dollara satyldy

  • 01.12.2021 09:01
  • 5k+

Pariždäki Christie's auksion öýünde Albert Eýnşteýniň otnositellik teoriýasyny düzmäge synanyşanda eden hasaplamalaryny öz içine alýan golýazmasy satyldy. Bu barada BBC habar gullugyna salgylanyp, zn.ua habar berdi.

Golýazmanyň bahasy 11 million ýewro (13 million dollar) barabar boldy diýip bellenilýär, şeýle hem munuň awtografiki ylmy resminama üçin rekord bahadygy aýdylýar.

Bu teoriýa 1915-nji ýylda neşir edildi we adamzadyň giňişlige, wagta we agyrlyk güýjüne düşünişini üýtgetdi. Golýazma 1913-1914-nji ýyllara degişli bolup, onda Eýnşteýniň we onuň resminamany saklaýan kärdeşi Mişel Bessonyň bellikleri bar.

Golýazma gara syýa bilen ýazylan. Auksion öýüniň hünärmenleriniň pikiriçe, bu golýazma otnositellik teoriýasyny düzmekde alymlaryň goýberen birnäçe ýalňyşlyklaryny görkezýär. 54 sahypalyk resminamany satyn alan adam öz adynyň mälim edilmezligini isledi.

şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
671

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......