BSGG koronawirusyň täze ştammy boýunça gyssagly ýygnak çagyrdy

  • 27.11.2021 08:16
  • 15k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wiruslaryň ewolýusiýasy boýunça Tehniki topary Afrikanyň günortasynda koronawirusyň täze ştammynyň ýüze çykmagyny ara alyp maslahatlaşmak kararyna geldi. Bu barada TASS habar berdi.

Gürrüňi edilýän ştamm koronawirusyň B.1.1.529 görnüşidir. Onuň başlangyç analizi ştammyň köp mutasiýasynyň bardygyny görkezdi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň (BSGG) ýörite wekili Deýwid Nabarro bu ýagdaýyň aladalanmaga esas döredýändigini aýtdy, sebäbi öňüni alyş sanjymynyň goragyndan bu wirusyň has gowy geçip bilýän bolmagy ähtimal. Muny anyklamak üçin ştammy öwrenmegi dowam etmeli.
Şunuň bilen baglylykda, käbir ýurtlar eýýäm Günorta Afrika döwletleri bilen howa gatnawyny gadagan etdi ýa-da çäklendirdi.
Iň soňky maglumatlara görä, täze ştamm Günorta Afrikada 77 adamda, Botswanada dört adamda ýüze çykaryldy. Şeýle-de Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan hem ilkinji ýokuşma hadysasy barada habar berildi.


düýn 11:31
3.4k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......