Täjigistan 2022-nji ýyldan 52 ýurduň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Täjigistan 2022-nji ýyldan 52 ýurduň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Täjigistan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 52 döwletiň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär. Şeýle karary respublikanyň hökümeti kabul etdi diýip, Täjigistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň täze kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan dünýäniň 52 ýurdundan raýatlaryň respublika girmegi üçin birtaraplaýyn wizasyz düzgüni giriziler” – diýlip, diplomatik wekilligiň saýtynda bellenilýär. Bu saýtda Argentinany, Belgiýany, Germaniýany, Kanadany, ABŞ-ny we Fransiýany öz içine alýan ýurtlaryň sanawy neşir edildi.

Görkezilen döwletleriň raýatlarynyň Täjigistanyň çäginde galmak möhleti 30 gün diýlip kesgitlenildi. Şol bir wagtyň özünde, respublikanyň hökümetiniň başga bir kararyna görä, raýatlarynyň ýönekeý tertipde wiza almaga hukugy bolan daşary ýurtlaryň sanawyna ýene 14 ýurt goşuldy. Häzirki wagtda şeýle döwletler 112 sany diýlip, Täjigistanyň DIM-niň baş konsullyk edarasynyň saýtyndaky maglumatlarda getirilýär.