Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynyň täze rekordyny goýdy

  • 25.11.2021 09:14
  • 18k+

«Mançester Ýunaýtediň» portugaliýaly ýyldyz hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynyň täze rekordyny goýdy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ronaldu Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda “Willarreal” bilen geçirilen duşuşykda ýeňiş goluny tora girizdi (2:0). Ol duşuşygyň 78-nji minudynda tapawutlanmagy başardy.
Çeşmäniň habar bermegine görä, 2021/22 möwsüminiň Çempionlar ligasynda portugaliýaly oýunçy oýnuň esasy wagtynyň soňky 15 minudynda eýýäm üçünji ýeňiş goluny tora girizdi. Munuň özi, goşmaça wagtlar bilen tamamlanan duşuşyklary hasaba almazdan, ýaryşyň täze  rekordy bolup durýar diýip, çeşme belleýär.


düýn 23:43
5.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......