BTS topary American Music Awards-yň «Ýylyň artisti» ugrunda ýeňiji boldy

  • 23.11.2021 13:36
  • 4k+

Günorta Koreýanyň BTS topary American Music Awards 2021 aýdym-saz baýragynyň “Artist of the Year” nominasiýasynda ýeňiji boldy. Bu barada Yonhap agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şeýlelik bilen, BTS topary bu nominasiýada ýeňiji bolan ilkinji aziýaly ýerine ýetiriji boldy. “Ýylyň artisti” adyna dalaşgärleriň arasynda Ariana Grande, Dreýk, Oliwiýa Rodrigo, Teýlor Swift we The Weekend topary hem bardy.

Öň, BTS Billboard Hot 100 reýtinginde birinji orny eýelän ilkinji günorta koreýaly topar, şeýle-de “Duet ýa-da topar tarapyndan iň gowy wokal pop-çykyşy” nominasiýasynda Grammy baýragyna dalaş eden ilkinji K-pop (keý-pop) ýerine ýetirijisi bolupdy. Ýöne topar bu baýragy alyp bilmedi. 

American Music Awards 1973-nji ýylda döredilen ýyllyk amerikan aýdym-saz baýragydyr. 

16.04.2026 22:53
1.5k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
5.7k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....