Katarda 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionaty üçin ýedinji stadionyň gurluşygy tamamlandy

  • 22.11.2021 23:35
  • 6.5k+

Katarda 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň oýunlary geçiriljek ýedinji stadionyň gurluşygy tamamlandy. Bu barada Dünýä çempionatyny geçirmek we miras almak boýunça ýokary komitetiň metbugat gullugyna salgylanyp, betassist.ru habar berdi.

Täze stadion "974" diýlip atlandyryldy. Munuň özi gurluşyk mahaly ulanylan ýük daşaýan konteýnerleriň sanyny, şeýle hem Kataryň halkara telefon koduny aňladýar diýip, çeşme belleýär.

Stadiona 40 000 tomaşaçynyň sygýandygy habar berilýär. Onda ýetip gelýän Dünýä çempionatynyň 7 oýny bolar. Mundan başga-da, stadiondaky ilkinji oýun ýakynda - 30-njy noýabrda geçiriler. Onda BAE-niň we Siriýanyň milli ýygyndy toparlary Arap ýurtlarynyň kubogynyň çäginde duşuşarlar.

Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda bäş şäherde we sekiz stadionda geçiriler. Braziliýanyň, Argentinanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň, Serbiýanyň, Ispaniýanyň, Horwatiýanyň, Şweýsariýanyň, Angliýanyň we Niderlandlaryň milli ýygyndy toparlary eýýäm Dünýä çempionatyna göni ýollanma aldylar.


düýn 23:41
1.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......