Lýuis Hemilton Kataryň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 21.11.2021 22:36
  • 2.3k+

«Mersedesiň» britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry bolan Kataryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji orny “Red Bull-da” çykyş edýän niderlandly Maks Werstappen eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Alpin” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Fernando Alonso geldi. 

Werstappen saýlama tapgyry wagtynda sary baýdaklara äsgermezlik edendigi üçin jerime aldy. Ikinji orny eýelän niderlandly sürüji ýaryşa ýedinji orundan başlady. 

Dünýä çempionatynyň umumy sanawynda Werstappen liderligini saklady (351,5 utuk). Ikinji orny Hemilton (343,5), üçünji orny “Mersedesiň” finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas (203) eýeledi. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny Mersedes (546,5 utuk) eýeleýär, ikinji orunda “Red Bull” (541,5), üçünji orunda “Ferrari” (297,5) ýerleşýär.

40 ýaşly Alonso 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek podiuma çykdy. Ol iki gezek dünýä çempionydyr (2005, 2006). 2018-nji ýylyň möwsümi tamamlanandan soň, ol “Formula-1-de” karýerasyny togtatdy. Alonso çempionata 2021-nji ýylda gaýdyp geldi, onuň “Alpin” bilen şertnamasy iki möwsüme niýetlenýär.

Katar “Formula-1” tapgyryny ilkinji gezek kabul etdi, Gran-prini geçirmek baradaky şertnama sentýabr aýynda gol çekildi, ol on ýyl üçin niýetlenendir. Şeýle-de bolsa, häzirki ýaryş şertnamadan daşary geçirildi, ýagny Katar Awstraliýanyň Gran-prisi ýatyrylandan soň senenamada boşan orny eýeledi. Indiki ýyl hem Katarda tapgyr geçirilmez, sebäbi ýurt futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär. Gran-pri üýtgewsiz 2023-nji ýyldan geçirilip başlanar. 

 “Formula-1” dünýä çempionatynyň iň soňkudan öňki, 21-nji tapgyry 3 – 5-nji dekabrda Saud Arabystanynda geçiriler.


düýn 10:57
2.6k+

Bred Pittiň düşen “Formula 1” ýaryş dramasy Apple-iň iň köp girdeji gazanan filmi boldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda düşürilen “Formula 1” filmi 10 günde 293,6 million dollar girdeji gazandy we Apple Studios-yň dünýä kinoteatr prokatynda iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwrüldi diýip, Variety ýazýar...

07.07.2025 11:22
1.3k+

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy...

02.07.2025 11:06
1.6k+

Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin...

30.06.2025 11:22
2.1k+

Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy)...