Ýaponiýada ilkinji gezek öz-özüni dolandyrýan ýokary tizlikli “sinkansen” otlusy synagdan geçirildi

  • 19.11.2021 14:49
  • 7.2k+

Ýaponiýanyň JR East demirýol kompaniýasynyň işgärleri Ýaponiýada öz-özüni dolandyryjy ulgam bilen ilkinji ýokary tizlikli “sinkansen” ekspressini synagdan geçirdiler. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Synaglaryň gije Niigata prefekturasyndaky ýollaryň bir böleginde geçirilendigi bellenilýär. Dolandyryjy otly düzüminiň baş wagonynda bolup, bolup geçýän zatlary gözegçilikde saklady, ýöne enjam paneline el degirmedi. Synaglaryň dowamynda “sinkanseniň” tizligi sagatda 100 kilometre ýetdi, şol bir wagtyň özünde hiç hili adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmady.

NHK-nyň maglumatlary boýunça, sürüjisiz otlularyň döredilmegi ilatynyň çalt garramagy sebäpli Ýaponiýanyň geljekde ýerli işçileriň, şol sanda otly sürüjileriniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup bilmeginden howatyr edilmegi bilen baglanyşyklydyr.


düýn 19:38
375

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......