Meta «Aria Gen 2» synag smart-äýnekleriniň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi

  • 09.06.2025 14:29
  • 2.6k+

Meta kompaniýasy goşmaça hakykat (augmented reality), emeli aň we robotehnika üçin gözleg platformasy hökmünde taýýarlanan «Aria Gen 2» smart-äýnekleri barada jikme-jik maglumat berdi. Bu barada «The Verge» habar berýär.

«Aria Gen 2» äýnekleri inçe çarçuwasy bilen tapawutlanýar we sarp edijiler üçin niýetlenýän birnäçe aýratynlyklary özünde jemleýär. Şolaryň arasynda gözüň hereketini yzarlaýyş ulgamy bar, ol seredilýän ugry, gözi gyrpmagy we görejiň merkeziniň ýerleşişini anyklaýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu «öňdebaryjy signallar ulanyjynyň görýän zadyna bolan ünsüni we niýetini has takyk düşünmäge kömek edýär, bu bolsa adamyň kompýuter bilen aragatnaşygynda täze mümkinçilikleriň öňüni açýar».
Äýnekleriň ilkinji wersiýasy 2020-nji ýylda ylmy-barlag maksady bilen çykarylypdy. 2025-nji ýylyň fewralynda «Aria Gen 2» tanyşdyryldy. Meta täze enjamyň «täze hasaplaýyş platformasyny döredýän geljekki täzeliklere ýol açjakdygyny» aýtdy.
Äýnekler 3D ýagdaýynda elleri we zatlary yzarlamak üçin kompýuter görüş aýratynlygy bolan dört sany kamera bilen enjamlaşdyrylan. Bu robot manipulýatorlaryny dolandyrmak ýaly takyk işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Seňrikde ýüregiň urşuny ölçemek üçin fotopletizmografiýa datçigi we sesiň şowhunly şertlerde ýazga alynmagy üçin kontakt mikrofony ýerleşdirilen. Şeýle hem ýagtylygy ölçemek üçin datçik bar.
Enjamyň agramy bary-ýogy 75 gram. Äýnekleriň sekiz dürli ölçegli görnüşi bolup, eplenip-açylýan tutarlary bar.
Şu ýyl «Meta» alymlardan «Aria Gen 2» bilen işleşmek üçin arza kabul edip başlar. Bu taslama «Ray-Ban Meta» we «Orion» modelleriniň tejribesine esaslanýar. Şeýle-de «Oakley» bilen hyzmatdaşlygyň bolup biljekdigi we «Hypernova» enjamynyň taýýarlanýandygy habar berilýär.


16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......