Dünýäde iň çalt baýaýan ýurt belli boldy

  • 18.11.2021 16:09
  • 21k+

Soňky 100 ýylda Hytaý girdeji derejesi boýunça ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň çalt baýan ýurt boldy. Muny McKinsey konsalting kompaniýasynyň hasabatynyň maglumatlary delillendirýär diýip, Day.Az belleýär.

Soňky 20 ýylda dünýä baýlygy üç esse artdy. Global girdejileriň şeýle çalt ösüşiniň esasy sebäplerini ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýlelikde, dünýädäki girdejiniň 60%-den gowragyny emele getirýän 10 ýurduň aktiwleri soňky 20 ýylda 156 trln dollardan 514 trln dollara çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşýär, onuň baýlygy 7-den 120 trln dollara çenli ýokarlandy.

ABŞ sada netijeleri görkezdi. Ol 20 ýylda 2000-nji ýyldaky derejesini iki esse artdyryp, 90 trln dollara ýetmegi başardy diýlip, habarda bellenilýär.

Global aktiwleriň umumy bahasynyň dörtden üç bölegi gozgalmaýan emläkdir. Şonuň üçin aktiwleriň bahasynyň birden ýokarlanmagy gozgalmaýan emläk we göterim derejesiniň peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne ol girdejiniň ösüşinden has çalt gymmatlaýar. Bu hem has köp adamyň jaý satyn alyp bilmezligine getirýär diýip, McKinsey belleýär. Şeýle ýagdaý ýaşaýyş jaýy bazaryndaky köpürjik bilen baglanyşykly 13 ýyl mundan öň ABŞ-da bolup geçen maliýe çökgünligine sebäp bolup biler diýip, kompaniýanyň analitikleri jemleýär.


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....