Türkmenistanda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhana gurlar

  • 17.11.2021 18:39
  • 5.9k+

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýokarda agzalan ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Şeýle hem resminama bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen degişli içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hasabat berip, bu resminamanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Karz ylalaşygyna laýyklykda taýýarlanylandygyny aýtdy.

Soňky onýyllyklarda garyşyk dökünleri öndürmäge uly ähmiýet berildi diýip, türkmen Lideri belledi. Olaryň ykdysady taýdan bähbitliligi şol dökünlerde, iň azyndan, iki täsirli serişdeleriň bardygy bilen tapawutlanýar. Şunlukda, täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga, ýeriň düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.


düýn 19:17
3.7k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
1.9k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 11:57
5k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......

21.04.2026 22:16
5.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......