UFC-niň öňki çempiony Holloweý UFC Vegas 42-de Rodrigesi ýeňdi

  • 16.11.2021 00:37
  • 6.1k+

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ABŞ-ly söweşijisi Maks Holloweý UFC Vegas 42-niň esasy tutluşygynda meksikaly Ýair Rodrigesi ýeňdi. Ýarym ýeňil agram derejesinde doly bäş raund dowam eden tutluşyk eminler toparynyň biragyzdan karary bilen ozalky çempion Holloweýiň peýdasyna 49:46, 48:47, 48:47 hasabynda tamamlandy.

29 ýaşly Holloweý ýarym ýeňil agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony bolup durýar. Onuň hasabynda 23 ýeňiş we 6 ýeňliş bar. 29 ýaşly Rodrigesde bolsa 14 ýeňiş we 3 ýeňliş bar. Ýeňil agram derejesi boýunça häzirki çempionlygy awstraliýaly söweşiji Aleksandr Wolkanowskiý özünde saklaýar.


düýn 21:49
1.5k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

28.06.2026 23:41
6.1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

26.06.2026 23:43
9.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.3k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......