Apple ýantorbalaryň barlagy sebäpli işgärlere millionlarça dollar tölär

  • 14.11.2021 17:19
  • 6.5k+

Apple ýantorbalaryň barlanandygy sebäpli işgärlere millionlarça dollar tölär. Kompaniýanyň hukukçylary 29,9 mln dollarlyk toparlaýyn arza boýunça talaplary kanagatlandyrmaga razy boldular. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, weekend.rambler.ru belleýär.

2013-nji ýylda firmanyň Kaliforniýadaky dükanlarynyň 52-sinden 14 683 işgär kazyýete ýüz tutdy. Olaryň pikiriçe, kompaniýa adamlaryň howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen ýantorbalaryň barlagy üçin sarp eden wagtlaryny tölemän, ştatyň kanunlaryny bozdy.
Apple-iň hukukçylary işgärleriň torbalarda ogurlanan elektron gurluşlaryny gizlemeýändiklerine göz ýetirmek üçin barlaglaryň zerurdygyny düşündirdiler.
2015-nji ýylda kazyýet talap arzasyny ret etdi, ýöne 2020-nji ýylda şikaýat kazyýeti sarp edilen wagtyň tölenmelidigi barada karar berdi. Netijede, her bir işgär 1286 dollar aldy.


22.06.2026 00:57
5.1k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....