Plantyň soňky wesýeti: ABŞ-nyň bir şäherinde dikuçardan 50 müň dollar seçildi

  • 30.06.2025 17:17
  • 12k+

27-nji iýunda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäheriniň merkezinde dikuçardan dollar seçildi. «Fox 2 Detroit» teleýaýlymynyň habaryna görä, waka günortan şäheriň iň gatnawly çatryklarynyň birinde bolup geçipdir.

Dikuçar alty zolakly ýoluň üstünden uçup geçip, pullary töwrege seçipdir. Ýoldan geçip barýan pyýadalardyr sürüjileriň pullary ýygnap başlamagy bilen, gatnaw wagtlaýyn togtapdyr. Şeýle-de bolsa, şaýatlaryň aýtmagyna görä, hemme zat asuda bolup geçipdir. «Hiç kim urşanokdy. Bu ajaýypdy» — diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.
Täsin pikir etrapda «Plant» lakamy bilen tanalýan Darrel Tomasdan gelip çykypdyr. Ol awtoýuwalganyň eýesi bolupdyr, klassyk awtoulaglara höwesek we goňşularynyň arasynda uly hormata eýe eken. Tomas Altsgeýmer keseli sebäpli aradan çykypdyr. Ölmezinden öň bu adaty bolmadyk çäräni wesýetine goşup gidipdir.
Oglunyň sözlerine görä, Tomas etrapdaky ýaşaýjylary soňky gezek begendirmek isläpdir. Umumylykda, dikuçardan 50 müň dollar taşlanypdyr.

«Ol ajaýyp kaka we etrabyň meşhur şahsydy. Ýogalmazyndan öň, soňky gezek hemmeleri begendirmek isledi» — diýip, ogly aýtdy. Ol çäräni guramaga kömek edipdi.

Bu çäre Tomasyň maşgalasynyň birnäçe nesliniň gatnaşan baýramçylyk dabarasy bilen tamamlandy. Köpler Darreliň klassyk awtoulaglara bolan söýgüsine hormat goýup, retro awtoulaglarda gelipdi.

«Onuň ady rowaýata öwrülipdi. Goý, ol hemişe ýatlansyn» — diýip, ogly sözüni jemledi. Ýygnananlar şol wagt «Ýaşasyn Plant!» diýip gygyryşýardylar.


şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......