Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky ýokanç keseller hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky ýokanç keseller hassahanasynyň açylyşyna gatnaşdy

10-njy noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy. Şolara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, hem gatnaşdy.

Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna ýygnananlaryň öňünde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge hem goşuldy.

Täze hassahana halkara ölçeglere laýyklykda guruldy hem-de üpjün edildi. Onuň düzümine kabul ediş, barlaghana, funksional-anyklaýyş, reanimasiýa we dogrum, operasiýa otagy, fizioterapiýa, dispanser-gözegçilik, wirusly gepatit keseli, ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, içege ýokanç keselleri, aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller, dowamly ýokanç keselleri bejeriş bölümleri girýär.

Hassahana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaýyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Giň otagly barlaghana bölümi kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika we immunologiýa barlaglary otaglaryndan ybarat bolup, olarda ganyň we peşewiň umumy barlaglary, ganyň biohimiýa, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakterioskopiýa, molekulýar-genetika, polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR) barlaglary geçirilýär.

Dabaranyň dowamynda hassahana täze gulluk awtoulaglary berildi.