Ýaponiýanyň hökümeti işinden çekildi

Ýaponiýanyň hökümeti işinden çekildi

Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisidanyň hökümeti çarşenbe güni doly düzümi bilen işden gitdi. Bu barada ýapon hökümetiniň ýolbaşçysynyň diwanhanasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Ministrler Kabinetiniň nobatdan daşary mejlisinde premýer-ministr hökümet agzalarynyň ählisinden işden gitmek barada arzany kabul etdi. Täze hökümet düzülýänçä, olar öz edaralarynyň ýolbaşçy wezipelerini ýerine ýetiriji bolarlar. 

Kisida hasap boýunça 101-nji premýer-ministr bolar. Şondan soň täze hökümetiň düzümi yglan ediler. Onda diňe Daşary işler ministri çalşylar. Dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) baş sekretary bolan Tosimisu Moteginiň deregine Daşary syýasy edara öň birnäçe ministr wezipesini eýelän Ýosimasa Haýasi ýolbaşçylyk eder. 

Kisida 29-njy sentýabrda dolandyryjy partiýanyň başlygy wezipesini eýeledi, 4-nji oktýabrda bolsa premýer-ministr saýlandy. Onuň bu wezipä täzeden bellenmegi 31-nji oktýabrda parlamentiň aşaky palatasy üçin geçirilen saýlawlardan soň resmi işdir. LDP ondan soň orunlaryň bir bölegini ýitirdi, ýöne absolýut köpçüligini saklap galdy (465 orundan 261-sini).

LDP-niň baş sekretary wezipesini ýerine ýetiren Akira Amari bir mandatly okrugynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmedi. Ol wezipesinden gitdi, bu hem DIM-iň başlygynyň üýtgemegine sebäp boldy.