«Formula-1» Hytaýyň Gran-prisini geçirmek üçin şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

«Formula-1» Hytaýyň Gran-prisini geçirmek üçin şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

«Formula-1» Hytaýyň Gran-prisini gurnaýjylar bilen Şanhaýda tapgyry geçirmek bilen bagly şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada “Formula-1-iň” saýtynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli Hytaýyň Gran-prisi “Formula-1-iň” 2022-nji ýyl üçin senenamasyna girizilmedi. 2020-nji we 2021-nji ýyllarda hem koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli ýaryş geçirilmedi. Iň soňky gezek Şanhaýda “Formula-1” tapgyry 2019-njy ýylda boldy.

“Bu biziň Hytaýdaky ähli janköýerlerimiz üçin örän gowy habar, biz Şanhaýda ýaryşlary 2025-nji ýyla çenli geçirmäge mümkinçilik berýän bu şertnama barada habar bermäge şat. Biz Hytaýy dowam edýän pandemiýa sebäpli “Formula-1-iň” 2022-nji ýyl üçin senenamasyna goşup bilmändigimize gynanýarys, ýöne amatly şertler bolan ýagdaýynda Hytaý senenamada peýda bolar. Biz ol ýere janköýerler bilen mümkin boldugyndan tiz dolanyp barmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, “Formula-1-iň” prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Stefano Domenikali aýtdy. 

Hytaýyň Gran-prisinde ýeňiş sany boýunça rekord eýesi britaniýaly Lýuis Hemiltondyr (6). Ol Şanhaýda 2019-njy ýylda geçirilen iň soňky ýaryşda hem ýeňiji boldy.